Turkmenportal logo
02.03.23
3814238142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary 12-nji martdan başlanar

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy — 2023-e 12-nji martda badalga berler. Bu barada TFF-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.


Futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary üç aýlawda geçiriler. Duşuşyklaryň geçiriljek wagtlary ýakynda Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň web-saýtynda ýerleşdiriler.


Futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary Aşgabat hem-de Türkmenbaşy, Daşoguz we Mary welaýatlarynda geçiriler.


Belläp geçsek, futzal boýunça Naýbaşy liganyň häzirki çempiony Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal toparydyr.