Futzal, Naýbaşy liga: «Deňizçi» bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

22:2212.12.2022
0
21750

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň ýene bir möwsümi tamamlandy. Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal topary 28 duşuşykda 72 utuk toplap, ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy.

Tutuş möwsümiň dowamynda «Deňizçiniň» çempionlyk üçin esasy göreşi Aşgabadyň «Köpetdag» futzal topary bilen alyp barandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, kenarýaka şähere wekilçilik edýän topar ahyrky tapgyrlarda has üstünlikli ýaryşyp, möwsümi esasy bäsdeşinden 3 utuk öňde tamamlamagy başardy. Ýaryş tertibi «Deňizçiniň» 28 duşuşygyň 23-sinde ýeňiş gazanyp, 3-sinde deňme-deň oýnap, diňe 2 duşuşykda ýeňlendigini görkezýär. Toparyň futzalçylary bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 136 pökgi geçirip, öz derwezesinde 40 pökgi gördüler. Şeýlelikde, «Deňizçiniň» bassyr iki ýyl bäri Türkmenistanyň çempiony bolup gelýändigini ýatladýarys.

Ýaryş tertibinde ikinji orny eýelän hem bolsa «Köpetdag» möwsümde iň kän pökgi geçiren topar boldy. Toparyň futzalçylary 28 duşuşykda jemi 159 gezek tapawutlandylar. Duşuşyklaryň 22-sinde ýeňiş gazanan «Köpetdag» 3 gezek deňme-deň oýnap, şonça gezek hem garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Möwsümde öňdebaryjylaryň ikisi bilen hem mynasyp oýun görkezmegi başaran «Senagatbank» futzal topary ýaryşda üçünji orny eýeledi. Topar 57 utuk toplap, bürünç medal ugrundaky esasy bäsdeşi bolan «Gümrükçiden» 2 utuk öňe saýlanmagy başardy.

Ýaryş tertibi ilkinji dört ornuň eýesiniň aşaky dörtlükden arany has açandygyny görkezýär. Eger möwsümi dördünji orunda tamamlan «Gümrükçi» 55 utuk toplap bilen bolsa, bäşinjilikdäki TNGIZT 23 utuk bilen möwsümi tamamlady. Şeýle hem «Daşoguz» topary 22, «Ahal» 18, «Milli goşun» 10 utuk gazandy.

«Deňizçi» Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň çempiony hökmünde öňümizdäki ýylda futzal boýunça AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýurdumyza wekilçilik eder.

Möwsümiň ahyrynda käbir şahsy baýraklar hem gowşuryldy. «Deňizçiniň» baş tälimçisi Ýakup Öwezow möwsümiň gowy tälimçisi üçin goýlan baýraga mynasyp bolan bolsa, bu toparyň derwezeçisi Meretgeldi Baýramow «Iň ökde derwezeçi» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasy «Daşoguz» toparyndan Hamid Menlibaýewe «Janköýerleriň söýgüsine mynasyp bolan oýunçy» baýragyny gowşurdy. Möwsümiň iň kän pökgi geçiren futzalçysy ― «Köpetdagyň» wekili Gurbangeldi Sähedow «Iň ökde oýunçy» baýragynyň hem eýesi boldy. Möwsümde iň arassa oýny orta goýan topar bolsa TNGIZT boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň