Turkmenportal logo
24.02.23
3565235652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
36 ýaşly Ramos Ispaniýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny ýapdy
Photo: sport.24

PSŽ-niň goragçysy Serhio Ramos Ispaniýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny ýapýandygyny yglan etdi.


«Maňa Ispaniýanyň ýygyndysy bilen hoşlaşmak üçin wagt geldi. Şu gün milli ýygyndynyň baş tälimçisi bilen gürleşdim, men özümi onuň iş meýilnamalarynda görmeýärin» diýip, «Matç TW» onuň aýdanlaryny getirýär.


Ramos Ispaniýanyň ýygyndysy bilen 2010-njy ýylda dünýäniň, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda Ýewropanyň çempiony boldy. Ol milli ýygyndyda 180 duşuşykda 23 pökgi geçirdi.