Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle-de hem TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly «Breýn-ring» bäsleşigi geçirildi.
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, bäsleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad Faýýazi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni Merjen Muhammedowa dagy eminlik etdiler.
Gyzykly pursatlara baý bolan bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, onda hödürlenen sowallara tiz we dogry jogap bermek boýunça TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly ikinji we üçünji orunlara bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparlary eýe boldular.
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň «Best Speaker» nominasiýasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýjemal Açilowa ýeňiji bolmagy başardy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.