Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdanda gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýerlerde sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Gallaçylar şu ýylyň hasyly üçin ekilen jemi 690 müň gektar bugdaý meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleri amala aşyrýarlar.
Ýurduň sebitlerinde ilaty ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini, gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini we onuň amatly möhletlerde geçirilmegini, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany ekerançylary sebitleriň toprak-howa şertlerine durnukly, ýokary hilli gowaça we beýleki ekinleriň tohumlary bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere olaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
