Mary şäheriniň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňýany düzümine tejribeli oýunçylaryň birnäçesini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Ikitaraplaýyn gelnen ylalaşyga laýyklykda, täze möwsümde Mary şäheriniň toparynda «Altyn asyryň» goragçylary Zafar Babajanow bilen Selim Ataýew çykyş ederler.
Mundan başga-da «Köpetdag» toparyndan Ambýar Mahmydow, Babanyýaz Çaryýew hem-de Meýlis Durdyýew (M.Durdyýew geçen möwsümi «Energetik» toparynda kärendesinde geçirdi) dagy hem öňümizdäki möwsümi Mary şäheriniň toparynda geçirerler. Mary şäheriniň beýleki topary bolan «Energetigiň» oýunçylary Musa Nurnazarow bilen Daýanç Durdyýew hem «Merw» topary bilen şertnama baglaşdylar.
Mundan başga-da, «Merw» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.
Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň «Merw» topary geçen ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçiren 28 duşuşygynda toplan 46 utugy bilen 3-nji orny eýeledi. Mary şäheriniň topary geçen möwsümiň jemi boýunça AFK-nyň Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

