Turkmenportal logo
16.02.23
1866918669
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şotlandiýanyň birinji ministri işden gitmekçidigini yglan etdi
Surat: file.liga.net

Şotlandiýanyň birinji ministri Nikol Sterjen iş başyndan gidýändigini yglan etdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.


«Şu gün men birinji ministr hem-de Şotlandiýanyň milli partiýasynyň başlygy wezipelerinden gitmekçidigimi habar berýärin» diýip, Sterjen Edinburgda geçen metbugat-ýygnagynda aýtdy.


Ol şeýle-de täze birinji ministr saýlanýança özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirjekdigini habar berdi.


Ol bu karara birnäçe hepde pikirlenenden soňra gelendigini sözüniň üstüne goşdy.


Sterjen Şotlandiýanyň birinji ministri wezipesinde 2014-nji ýyldan bäri işläp gelýär.