Turkmenportal logo
15.02.23
2593625936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda we paýly gatnaşygyndaky paýdarlar jemgyýetlerinde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi.


Bäsleşik bäş şert boýunça geçirildi:


Tanyşlyk;


Gadymdan gelýän el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek;


Hünär aýratynlygynda ýerine ýetirýän wezipesini mahabatlandyryp, iş pursatlaryndan sahna goýmak;
Milli tagamlaryň biri bolan unaşyň saglyga peýdasy, taýýarlanyş aýratynlyklary barada gürrüň bermek we unaş kesmek;


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý melhem hem ylham» we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplaryndan çaýlary taýýarlamak.


Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, «Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ-niň, «Türkmen hemrasy» ÝGPJ-niň emin agzalar topary ýerine ýetirlen çykyşlara baha berdiler we ýeňijileri yglan etdiler.


Bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.


Ýakyn günlerde bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleri tarapyndan geçiriljek bäsleşikleriň ýeňijileri bilen jemleýji tapgyrda çykyş ederler.