Turkmenportal logo
14.02.23
2862528625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilon Maskyň «Mançester Ýunaýtediň» täze eýesi bolmagy mümkin
Photo: beinsports.com

Amerikaly milliarder Ilon Maskyň Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol klubynyň täze eýesi bolmagy mümkin. Bu barada «Матч ТВ» «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.


«Twitteriň» ýolbaşçysy kluby satyn almak üçin ýüz tutmakçy. Klubyň täze eýesi bolmak isleýänlerden iň soňky ýüz tutma şu hepdäniň anna güni kabul ediler. Dalaşgärleriň arasynda ýerli maýadarlardan başga-da, Saud Arabystanynyň, ABŞ-nyň, Kataryň, Hytaýyň we Singapuryň wekilleri hem bar.


Ilon Mask «gyzyl şeýtanlar» üçin 178 milliard ýewro hödürleýär. Soralýan asyl pul bolsa ondan 5 milliard ýewro kän.


«Mançester Ýunaýtediň» şu möwsümde Erik ten Hagyň ýolbaşçylygynda 23 duşuşykda 46 utuk toplap, ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda barýandygyny ýatladýarys. Topar Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda «Barselona» bilen duşuşar.


Geçen ýylyň noýabr aýynda Gleýzerler maşgalasy özleriniň 2005-nji ýyldan bäri eýeçilik edip gelýän klubyny satjakdygyny mälim edipdiler.