Turkmenportal logo
05.02.23
5958959589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Marydaky muzeýe gymmatly tapyndyny sowgat etdi
 Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Marydaky muzeýe gymmatly tapyndyny sowgat etdi

Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine seýrek duşýan altyn teňňäni gowşurdy. Bu barada «МИР24» habar berýär.


Şaýy pul araplar döwründe zikgelenen bolup, agramy 4 gramdyr. Hünärmenler teňňäni VI-VII asyrlara degişli diýip hasaplaýarlar. Şeýle pul gadymy Merwde ulanylypdyr.



Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary sebitiň gadymy döwürlerden şu güne çenli taryhyny we medeniýetini görkezýär. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklardyr tapyndylar sany we mazmuny boýunça özboluşlydyr.


Ozal Altyn teňňäniň muzeýe tabşyrylmagy mynasybetli, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bu gymmatlyk bilen tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilendigini habar beripdik.