Turkmenportal logo
01.02.23
2257822578
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şeýh Salman AFK-nyň prezidenti wezipesine saýlanyldy
Photo: AFC

Şeýh Salman bin Ibragim al-Halifa Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidenti wezipesinde galdyryldy. Saýlawlar şu gün Bahreýniň paýtagtynda geçirildi.


Guramanyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan habar berlişi ýaly, Salman bin Ibragim al-Halifa ýene dört ýyllap Aziýanyň futbol jemgyýetçiligine ýolbaşçylyk eder. Bahreýniň Patyşalyk maşgalasynyň 57 ýaşly agzasy bu wezipede 2027-nji ýyla çenli galar.


Al-Halifanyň FIFA-nyň hem wise-prezidentidir. AFK-nyň prezidentligini bolsa ol 2013-nji ýylda katarly Mohammed bin Hammamdan kabul edip aldy.