Turkmenportal logo
26.01.23
2257022570
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
IFFHS Aziýanyň iň güýçli futbol klublarynyň sanawyny täzeledi

Futbol taryhynyň statistikalarynyň halkara federasiýasy (IFFHS) 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça Aziýanyň iň güýçli 29 klubyny saýlady.


Sanawda ilkinji iki orny Koreýa Respublikasynyň «Çonbuk Hýonde Motors» we «Ulsan Hýonde» klublary eýeledi. Saud Arabystanynyň «Al-Hilaly» öňdäki üçlügi tamamlan klub boldy.


Şeýle hem ilkinji bäşlikde Koreýa Respublikasynyň «Tegu» kluby bilen Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmondsyny» görýäris. Altynjy orny Ýaponiýanyň «Kawasaki Frontale», ýedinji orny bolsa Saud Arabystanynyň «Aş-Şabab» klublary eýeledi.


Tailandyň «Bi Ji Pathum Ýunaýted», Ýaponiýanyň «Iokogama F.Marinos» we Özbegistanyň «Nasaf» futbol klublary öňdäki üçlügi jemledi.


Sanawda özbekleriň Jizzah şäheriniň «Sogdianasy» we Daşkendiň «Pahtakory», degişlilikde, 14-nji we 27-nji orunlary eýelediler.