Turkmenportal logo
13.01.2023
2157921579
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranda ýolagçy otlusy aýazly howa sebäpli ýolda galdy
Surat: railwayage.com

400-den gowrak ýolagçyly otly 12-nji ýanwar gijesi Eýranyň Maşat şäheriniň golaýynda eglendi, muňa rekord derejedäki aýazly howa we gar sebäp boldy diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.


Kum-Maşat ugry boýunça barýan otly ahyrky duralga 40 kilometr galanda, tehniki näsazlyk sebäpli durdy.


Maşat şäheri ýurduň Horasan-Rezawi ülkesiniň dolandyryş merkezi bolup, ol ýere penşenbe gijesi Eýran üçin rekord derejedäki aýazly howa aralaşdy, howanyň temperaturasy -19 gradusdan aşak düşdi.