Turkmenportal logo
03.01.23
4392743927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Hytaýda saparda bolar
Surat: tdh.gov.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekine sapar bilen barar. Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň şu gün habar bermegine görä, türkmen Lideri 5-6-nji ýanwarda Pekinde şäherinde döwlet saparynda bolar.


Bellenilişi ýaly, bu sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa ilkinji döwlet saparydyr. Saparyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegine we olaryň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.