Turkmenportal logo
03.01.23
3851138511
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2022-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.


«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler.


Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.