Turkmenportal logo
03.01.23
2289922899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň iň netijeli futbolçysy boldy

PSŽ-niň hüjümçisi Kilian Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň netijeli futbolçysy boldy.


24 ýaşly fransiýaly hüjümçi geçen ýyl klublaýyn derejede geçiren 56 duşuşygynda 56 gezek tapawutlandy. Ol 2022-nji ýylda Fransiýanyň Naýbaşy kubogyny gazandy we milli ýygyndy bilen dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.


Şeýle hem Mbappe Liga 1-iň geçen möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy. Ol liganyň häzirki möwsüminde hem 15 duşuşykda 13 gezek tapawutlanyp, 2 goluň assistini berdi.


«Transfermarkt» Mbappe 180 million ýewro baha kesýär.