Turkmenportal logo
02.01.23
4468444684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Tahyr Ataýewiň orkestriniň Täze ýyl konserti geçirildi

Täze ýyl agşamynda Aşgabatda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti geçirildi.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, baýramçylyk çykyşynyň meýilnamasynda Täze ýyl aýdym-saz eserleri hem bar.


Solistler Bogdan Smolin, Döwran Şammiýew we Selbi Annadurdyýewa rus rok topary «Mumiý Troll»-yň repertuaryndan eserleri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem sahnada bas-gitaraçy Igor Şewtsow we saksafonçy Şirhan Batyrow dagy çykyş etdiler.


Meýilnama giren iňlis estrada aýdymçysy «Wham»-yň «Last Christmas» eseri hem ýatdagalyjy täsirleri döretdi.


Şeýle hem tomaşaçylar süýjili sowgatlar lotereýasyna gatnaşdylar.