Turkmenportal logo
29.12.22
2921129211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalaryň «Grassroots» futbol festiwaly geçirildi

Aşgabat şäherinde oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.


Ýurtda futboluň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen çagalar futbol festiwalyna çagalaryň 150-den gowragynyň gatnaşandygyny bellemek gerek.


Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.