Turkmenportal logo
28.12.22
2225422254
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Soçi» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda BAE-de we Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

«Soçi» toparynyň futbolçylary BAE-de we Türkiýede gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler. Bu barada klubyň resmi saýty habar berýär.


Türgenleşiklere 2023-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda badalga berler.


25-nji ýanwarda Abu-Dabide ýygnanyşyk başlar. Topar bu ýerde RPL-niň Gyşky kubogyna gatnaşar. 1 ― 11-nji fewral aralygynda bolsa türgeneşikler geçiriler.


Soňra topar 15 ― 25-nji fewral aralygynda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.


Bu ýygnanyşyklarda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlar biraz soňrak belli bolar.


«Soçiniň» ýakynda 70 ýaşly türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Topar çempionatyň şu möwsümindäki 17 duşuşykda 25 utuk toplap bildi.