Turkmenportal logo
27.12.22
4946149461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburg sammitinde GDA-nyň döwlet Baştutanlaryna simwoliki ýüzük gowşuryldy
Surat: kremlin.ru

Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitde GDA-nyň döwlet Baştutanlaryna Täze ýyl sowgady hökmünde Arkalaşygyň alamatlary ýerleşdirilen ýüzükler sowgat berildi diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.


Bellenilişi ýaly, bu ýüzük GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde gowşurmak üçin ýörite ýasadylypdyr. Bu özboluşly sowgat sammite gatnaşyjy Liderleriň ählisine gowşuryldy. Ýüzükde Täze ýyl gutlagy hem-de Arkalaşygy alamatlandyrýan nyşanlar ýerleşdirilipdir.



Ozal habar berşimiz ýaly, rus Lideri Wladimir Putiniň başlangyjy bilen 26-27-nji dekabrda Sankt-Peterburgda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.