Turkmenportal logo
26.12.22
2678026780
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan: Ronaldu Saud Arabystanyna geler

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi hem-de «Mançester Ýunaýtediň» öňki oýunçysy Kriştianu Ronaldu karýerasyny Saud Arabystanynda dowam edip biler. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Erzurumda eden çykyşynda mälim etdi diýip, Goal.com habar berýär.


«Mende bar bolan maglumatlara görä, Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanyna geler» diýip türk Lideri belledi.


Mundan ozal 37 ýaşly portugaliýaly hüjümçi bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň gyzyklanýandygyny habar beripdik.


Ronaldu şu möwsümde «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň 10 oýnunda meýdança çykyp, bir gol urdy, şeýle-de ol Katarda geçirilen DÇ-2022-de Portugaliýanyň ýygyndysy bilen çärýek finala çykmagy başardy.