Turkmenportal logo
25.12.22
5420654206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dima Bilanyň Aşgabatdaky konsertine 8 müň tomaşaçy geldi

Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Russiýa Federasiýasynyň meşhur aýdymçylary Dima Bilan bilen Nýuşa konsert berdiler.


Konsert ýokary derejede guraldy we türkmen tomaşaçylary rus aýdymçylaryny mähirli garşyladylar. Dima Bilanyň sosial ulgamlary «Ajaýyp konsert, örän mynasyp aýdymçylar, sag boluň!», «Bilan durşy bilen joşgun, ol iň gowusy» ýaly ruhdaky teswirler bilen dolduryldy.



Konsertiň täsirleri dogrusynda diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem aýdymçynyň özi hem pikirini sosial ulgamlarda paýlaşdy.



«Aşgabat! Türkmenistan! Anşlag! 8000 adam» — diýip, Bilan göwrümi babatda gysby, ýöne giň mazmunly habar paýlaşdy. Soňra bolsa ol «Sag bol, Türkmenistan! 8000 adam gutlaýar» diýen ýazgyny köpçülige ýetirdi.


Ýeri gelende bellesek, konsertiň öňüsyrasynda — 24-nji dekabrda Bilan 41 ýaşady.


Konsertiň ahyrynda Bilan bu ýere ýygnananlaryň hemmesine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady.



Dima Bilanyň Aşgabatdaky konsertinden fotoreportaž |Surat


Nýuşanyň Aşgabatdaky konsertinden fotoreportaž |Surat


Dima Bilany we Nyuşany Aşgabatda garşyladylar |Wideo