Turkmenportal logo
20.12.22
2577925779
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Täze ýyl baýramynyň dynç alyş günlerindäki iş tertibini mälim etdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Telegram» sosial sahypasynda konsullyk bölüminiň dynç alyş günleri barada habar berdi.


Habar berlişine görä, döwlet baýramçylygy üçin berilýän dynç alyş günleri sebäpli 2023-nji ýylyň 29-njy dekabryndan 8-nji ýanwaryna çenli konsullyk bölüminde öňünden bellenilen nobat esasynda kabul edilşik bolmaz.


Taýýar wizalar, şeýle hem rus raýatlarynyň daşary ýurtda hereket edýän taýýar pasportlary 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda (13:00-a çenli) berler.


2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda raýatlary kabul etmek hemişeki ýaly amala aşyrylyp başlanar.