Turkmenportal logo
13.12.22
2672226722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün Ärdogan Türkmenistana sapar bilen geler
Surat: aa.com.tr

Şu gün — 13-nji dekabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar. Ärdogan Türkmenistana şu ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň Awazada geçiriljek sammitine gatnaşmak üçin barar diýlip, türk Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.


— Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 14-nji dekabrda Awazada geçiriljek sammitde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýäniň Prezidentiniň gatnaşmagynda üç dostlukly we doganlyk ýurtlaryň arasynda, esasan-da, söwda, energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar — diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar. Şeýle hem sammitde hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadyny berkitjek birnäçe şertnamalara gol çekiljekdigi habarda bellenilýär.


Türkiýäniň Prezidentiniň Metbugat gullugy sammitiň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem geçiriljekdigini habar berdi.