Turkmenportal logo
08.12.22
3159531595
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilon Mask baý adamlaryň sanawyndaky ornuny ýitirdi
Surat: ixbt.com

Amerikaly işewür we milliarder Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndaky öňdäki ornuny elden giderdi. Bu gezek onuň ornuny LVMH (LVMH Moet Hennessy – Louis Vuitton) gymmatbaha harytlary öndüriji, fransuz milliarderi Bernar Arno we maşgalasy eýeledi diýip, «Forbes» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Neşiriň ýazmagyna görä, Maskyň emlägi häzir 184,6 mlrd dollar, Arnonyň we onuň maşgalasynyň emlägi bolsa 185,1 mlrd dollar bahalanýar.


Arno degişli bolan LVMH kompaniýasy Louis Vuitton, Givenchy, Guerlain, Kenzo, Moet & Chandon, Hennessy ýaly belli brendleriň astynda gymmatbahaly harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň baş edarasy Parižde ýerleşýär.