Turkmenportal logo
04.12.22
3005930059
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Bütindünýä türk kofe güni belleniler

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy 5-nji dekabrda bellenilýän Bütindünýä türk kofe güni bilen baglanyşykly çäre geçirer.


Bu waka bilen baglanyşykly 5-nji dekabrda, duşenbe güni sagat 12:00-dan 13:00-a çenli Ilçihananyň öňünde türk kofesi hödürlener.



«Newscentralasia»-nyň habaryna görä, bu çäre giň halk köpçüligi üçin açyk bolar.


2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ÝUNESKO maddy däl medeni miras sanawyna türk kofesini girizdi we şol güni «Bütindünýä türk kofe güni» diýlip yglan edildi.