Turkmenportal logo
18.11.22
1616316163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nebitiň nyrhy Hytaýyň az isleg bildirmegi sebäpli arzanlady
Surat: freightnews.co.za

Halkara bazaryndaky söwdalaşyklarda nebitiň bahasy 1 göterimden hem arzanlady, muňa Hytaý tarapyndan «gara altyna» islegiň azalandygy sebäp boldy diýip, «Trend» habar berýär.


Şunlukda «Brent» nyşanly nebitiň ýanwar aýy üçin fýuçersleriniň bahasy 1,13 göterim, ýagny bir barrel üçin 91,81 amerikan dollaryna çenli, «WTI» nyşanly nebitiň bahasy bolsa 1,37 göterim— bir barrel üçin 84,42 dollara çenli arzanlady.


Nebiti iň köp satyn alyjy ýurt bolan Hytaý heniz hem «COVID» ýokanjy babatda nol derejäni gazanmak syýasatyna eýerýär we bu babatda çäklendirmeleri saklap galdy, olaryň biri-de ýangyja islegiň peselmegine getirýän raýatlaryň awtoulagda hereketine çäklendirmedir.