Turkmenportal logo
14.11.22
1419714197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şols öňki kanslerden maslahat soraýandygyny gürrüň berdi
Surat: badische-zeitung.de

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols özüniň öňki kansler Angela Merkele dürli partiýalaryň agzalarydygyna garamazdan, häli-şindi maslahat sorap ýüz tutýandygyny gürrüň berdi, bu barada «Trend» ýurduň «Die Welt» neşirine salgylanyp habar berdi.


Neşir Şolsuň Sosial-demokratik, Merkeliň Hristian-demokratik partiýanyň agzasydygyny ýatladýar.


«Biz birek-biregi öňden bäri tanaýarys hem-de dürli partiýadandygymyza seretmezden, elmydama hyzmatdaşlyk edýärdik» diýip, Şols nygtady.


Kansler şeýle-de diňe Merkel däl, eýsem, hökümet partiýalaryndan bolmadyk adamlaryň başga-da köpüsi bilen geňeşýändigini sözüniň üstüne goşdy hem-de «Şonuň üçin men özümi ýeke duýmaýaryn» diýdi.