Turkmenportal logo
09.11.22
3890838908
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty ― 2022-niň duşuşyklarynyň başlanjak wagty belli boldy

20-nji noýabr ― 18-nji dekabr aralygynda Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Mundiala 32 ýygyndy gatnaşýar. Indiki dünýä çempionatyndan başlap bolsa final tapgyra 48 ýygyndy gatnaşar.


Katarda ýaryşjak ýygyndylar her biri dört wekilden 8 toparça bölündiler. Özara duşuşyklaryň netijesinde her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy 1/8 finala çykar.Toparçada üçünji, dördünji orunlary eýelän ýygyndylar bolsa mundial bilen hoşlaşar. Şeýlelikde, ýaryşy şondan soň 16 ýygyndy dowam eder.


Ýaryşyň 1/8 final duşuşyklary 3 ― 6-njy dekabr aralygynda geçiriler. 1/8 finalda toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar goňşy toparçada ikinji orny eýelän garşydaşy bilen güýç synanyşar. Mysal üçin, 1/8 finalda «A» toparçanyň ýeňijisi «B» toparçada ikinji orny eýelän ýygyndy bilen duşuşar.


Ýaryşyň çärýek final duşuşyklary 9 ― 10-njy dekabrda, ýarym finallar 13-nji we 14-nji dekabrda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 17-nji dekabrda, final bolsa 18-nji dekabrda bolar.


Aşgabat wagty bilen duşuşyklaryň göni ýaýlymda başlanjak wagtynyň tertibi paýlaşýarys:


Birinji tapgyr


20-nji noýabr, ýekşenbe


21:00. Katar – Ekwador (A toparça).


21-nji noýabr, duşenbe


18:00. Angliýa – Eýran (B toparça);


21:00. Senegal – Niderlandlar (A toparça);


00:00. ABŞ – Uels (B toparça).


22-nji noýabr, sişenbe


15:00. Argentina – Saud Arabystany (C toparça);


18:00. Daniýa – Tunis (D toparça);


21:00. Meksika – Polşa (C toparça);


00:00. Fransiýa – Awstraliýa (D toparça).


23-nji noýabr, çarşenbe


15:00. Marokko – Horwatiýa (F toparça);


18:00. Germaniýa – Ýaponiýa (E toparça);


21:00. Ispaniýa – Kosta-Rika (E toparça);


00:00. Belgiýa – Kanada (F toparça).


24-nji noýabr, penşenbe


15:00. Şweýsariýa – Kamerun (G toparça);


18:00. Urugwaý – Koreýa Respublikasy (H toparça);


21:00. Portugaliýa – Gana (H toparça);


00:00. Serbiýa – Braziliýa (G toparça).


Ikinji tapgyr


25-nji noýabr, anna


15:00. Uels – Eýran (B toparça);


18:00. Katar – Senegal (A toparça);


21:00. Niderlandlar – Ekwador (A toparça);


00:00. Angliýa – ABŞ (B toparça).


26-njy noýabr, şenbe


15:00. Tunis – Awstraliýa (D toparça);


18:00. Polşa – Saud Arabystany (C toparça);


21:00. Fransiýa – Daniýa (D toparça);


00:00. Argentina – Meksika (C toparça).


27-nji noýabr, ýekşenbe


15:00. Ýaponiýa – Kosta-Rika (E toparça);


18:00. Belgiýa – Marokko (F toparça);


21:00. Horwatiýa – Kanada (F toparça);


00:00. Ispaniýa – Germaniýa (E toparça).


28-nji noýabr, duşenbe


15:00. Kamerun – Serbiýa (G toparça);


18:00. Koreýa Respublikasy – Gana (H toparça);


21:00. Serbiýa – Şweýsariýa (G toparça);


00:00. Portugaliýa – Urugwaý (H toparça).


Üçünji tapgyr


29-njy noýabr, sişenbe


20:00. Ekwador – Senegal, Niderlandlar – Katar (A toparça);


00:00. Eýran – ABŞ, Uels – Angliýa (B toparça).


30-njy noýabr, çarşenbe


20:00. Awstraliýa – Daniýa, Tunis – Fransiýa (D toparça);


00:00. Saud Arabystany – Meksika, Polşa – Argentina (C toparça).


1-nji dekabr, penşenbe


20:00. Kanada – Marokko, Horwatiýa – Belgiýa (F toparça);


00:00. Kosta-Rika – Germaniýa, Ýaponiýa – Ispaniýa (E toparça).


2-nji dekabr, anna


20:00. Gana – Urugwaý, Koreýa Respublikasy – Portugaliýa (H toparça);


00:00. Serbiýa – Şweýsariýa, Kamerun – Serbiýa (G toparça).