Turkmenportal logo
05.11.22
3361833618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen barar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisihanasy sosial ulgamlarda habar berdi.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli duşuşyp, sapara taýýarlyk bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem gatnaşdy. Şeýle hem duşuşykda taraplar Türkmenistan-Emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.