Turkmenportal logo
04.11.22
1790517905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Holand dünýäniň iň gymmat oýunçysyna öwrüldi
Surat: ua-football.com

«Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand dünýäniň iň gymmat oýunçysyna öwrüldi. Has takygy, Transfermarkt saýtynyň täzelenen maglumatlarynda Holand 170 million ýewro bahalanyp, ol bu ugurda «PSŽ-niň» fransiýaly hüjümçisi Kliýan Mbappeden (160 million ýewro) öňe geçdi.


Ýeri gelende bellesek, Holand 2009-njy ýyldan bäri Transfermarkt saýtyndaky iň gymmat oýunçylaryň sanawynda birinji orna çykan APL-da oýnaýan ilkinji oýunçy boldy. 2009-njy ýylda «Mançester Ýunaýtediň» oýunçysy Kriştiano Ronaldu «Barselonada» oýnaýan Lionell Messi bilen bilelikde bu sanawyň birinji ornuny paýlaşypdy.


Maglumat üçin, Erling Holand APL-yň şu möwsüminde 11 oýunda meýdança çykyp, 17 goly öz adyna ýazdyrdy. Kliýan Mbappe bolsa Liga 1-iň şu möwsüminde 11 duşuşykda 12 gol geçirmegi başardy.