Turkmenportal logo
02.11.22
1128611286
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkende sapar bilen bardy

Özbegistandaky Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana sapar bilen bardy diýip, Daşkent şäheriniň esasy syýahatçylyk we medeni miras bölüminiň metbugat gullugy habar berdi.


2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda meýilleşdirilýän saparyň çäginde wekiliýet agzalarynyň Daşkentde guralan birnäçe medeni çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär.


Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, düýn Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara gatnaşyklar we dostluk gatnaşyklary komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Daşkentde ýerleşýän Halklaryň dostlugy meýdançasyndaky «Şomahmudowlaryň maşgalasy» ýadygärliginiň eteginde guraldy. Bu çärä Daşkent şäheriniň häkiminiň syýahatçylyk, sport, medeniýet, medeni miras we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça orunbasary F. Dawrukow hem gatnaşdy.


Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu gün — 2-nji noýabrda Daşkende saparynyň çäginde Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türküstan sungat köşgünde «Özbegistan parahatçylygy we dostlugy wasp edýän ýurt» atly gala konsert geçiriler.