Turkmenportal logo
27.10.22
2522425224
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy

Beýik Britaniýanyň tagt şazadasy Garriniň köp garaşylan ýatlamalar kitaby 2023-nji ýylyň ýanwarynda okyjylara gowşar diýip, «Page Six» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.


Kitap 2022-nji ýylyň noýabrynda çap edilmelidi, emma Şa aýal Ýelizaweta II aradan çykansoň, onuň möhleti yza süýşürildi. Indi kitabyň çap ediljek senesi belli boldy.


Şazada Garri öz ýatlamalarynda çagalygy, ejesi şa zenany Diana, ene-atasynyň aýrylyşmagy, şeýle-de kakasy Çarlz, dogany Uilýam hem-de öweý enesi Kamilla bilen gatnaşyklary barada gürrüň berer diýlip garaşylýar.