«Awatar» atly meşhur filmiň ikinji böleginde Jeýk Salliniň we Neýtiriň gyzynyň keşbini döreden aktrisa Sigurni Uiwer täze bölüm bilen bagly täsirlerini paýlaşdy. Ol filme diýseň sabyrsyz garaşýandygyny belledi diýip, «ET» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Haýran ediji gowy film. Täsin taryh. Ol örän duýguçyl we režissýor Jeýms Kemeronyň üstünligi... Üstesine ajaýyp aktýorlar hem surata düşdi» diýip, aktrisa gürrüň berdi.
«Awataryň» birinji bölüminde Uiwer filmiň ahyrynda gurban bolýan doktor Greýs Ogustiniň keşbini döredipdi. Filmi dörediji topar onuň bilen hoşlaşmak islemedi we 72 ýaşly aktrisany 14 ýaşly ýetginjek gyzyň keşbine çagyrdylar.