Turkmenportal logo
17.10.22
1563215632
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bred Pitt kompaniýasyny satýar
Surat: muz-tv.ru

Meşhur aktýor Bred Pitt özüniň «Plan B Entertainment» prodýuserlik kompaniýasyny satmakçy diýip, «The Hollywood Reporter» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


«Plan B Entertainment» kompaniýasynyň Pitt bilen şärikdeş eýeleri Didi Gardner we Jeremi Klýaýner bolup durýarlar. Häzirki wagtda olar müşderini gözleýärler. Geleşigiň deslapky bahasy aýdylmaýar.


Öň «Plan B Entertainment» prodýuserlik kompaniýasy «Çarli we şokolad fabrigi», «Gulçulygyň 12 ýyly» we «Iý, çokun, söý» ýaly meşhur filmleri goýberipdi.