Turkmenportal logo
14.10.22
1976219762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtingindäki ornuny gorady

Türkmenistanyň Futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýting sanawynda ýene-de 137-nji orunda galdy.


Sanawyň başyny heniz hem ABŞ-nyň ýygyndysy çekýär. Ikinji, üçünji orunlarda bolsa Şwesiýa bilen Germaniýa ýerini çalyşdy.


Merkezi Aziýadan Gazagystanyň 11 basgançak aşak gaçyp, 100-nji orna gelendigini aýtmak gerek. Şeýle hem Özbegistan 47-nji, Gyrgyzystan 125-nji, Täjigistan bolsa 144-nji orny eýeleýär.