Ykdysadyýet ugry boýunça Nobel baýragy Ben Bernanke, Duglas Daýmond we Filip Dygwige berler. Nobel baýragynyň geňeşi «Bu ykdysatçy alymlar biziň ykdysadyýetde, hususan-da, maliýe krizisleri döwründe banklaryň orny, şeýle hem maliýe bazarlaryny nädip kadalaşdyrmalydygy barada düşünjämizi gowulandyrdylar» diýip, belledi.
Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet ylymlary boýunça Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy 1968-njy ýylda esaslandyryldy.
1901-2021-nji ýyllar aralygynda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy 53 gezek gowşuryldy, Ester Dýuflo 46 ýaşynda baýragyň iň ýaş eýesi, Leonid Gurwiçe 90 ýaşynda iň uly ýaşly eýesi boldy.
Bu ýylyň Nobel baýraklarynyň eýelerini yglan etmek hepdesi 3-nji oktýabrda badalga aldy, häzirki güne çenli onuň lukmançylyk we fiziologiýa, fizika, himiýa we edebiýat ugurlary boýunça eýeleri bellidir.
Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan gününe gabatlanyp geçiriler. Baýragyň her ugur boýunça pul sylagynyň möçberi 10 million krona (915 müň amerikan dollary) deňdir. Bu barada «MIR 24» habar berýär.