Turkmenportal logo
09.10.22
1864418644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy

Biraz wagt mundan ozal «Suzuki» trassasynda geçirilen Formula-1 boýunça Ýaponiýanyň Gran-prisi tamamlandy. Belli bir sebäplere görä, ýaryş başlanandan soňra iki sagatdan gowrak arakesme berlen, Ýaponiýanyň Gran-prisinde «Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Ferstappen ýeňiş gazandy. Şol uzaga çeken arakesme sebäpli, ýaryş meýilleşdirilişi ýaly 53 aýlawdan däl-de, 30 aýlawdan ybarat boldy. Şeýle-de bellinlmeli zatlaryň ýene biri pellehanany ikinji bolup kespi geçen Şarl Lekler («Ferrari») Serhio Peresiň («Red Bull») ýoluna böwet bolandygy üçin 5 sekunt jerimä çekildi we umumy jedwelde üçünji orna düşürildi. Ýaryşyň ilkinji bäşligi bolsa aşakdaky görnüşe eýe:


1. Maks Ferstappen («Red Bull») — 30 aýlaw;


2. Serhio Peres («Red Bull») — +27,066;


3. Şarl Lekler («Ferrari») — +31,763;


4. Esteban Okon («Alpin») — +39,685;


5. Lýuis Hemilton («Mersedes») — +40,326.


Şeýlelikde, niderlandly sürüji Maks Ferstappen Ýaponiýanyň Gran-prisindäki ýeňşi arkaly möwsümiň çempionlygyny wagtyndan özüniňki etmegi başardy. Bu üstünlik «Red Bull» toparynyň piloty üçin karýerasyndaky ikinji dünýä çempionlygydyr.