Turkmenportal logo
07.10.22
4139041390
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary F.F.Martens adyndaky halkara bäsleşikde ýeňiji boldular

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3–7-si aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 1-nji orna mynasyp boldular.




Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň guramagynda geçirilen bäsleşige Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparyň düzüminde uniwersitetiň Halkara jemagat hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Döwlet Gurbanow, Halkara hususy hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Zöhre Geldiýewa we Halkara jemagat hukugy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nowruz Nurberdiýewa dagylar gatnaşdylar. Olary bäsleşige uniwersitetiň Halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow taýýarlady.


Bäsleşige dünýäniň 7 döwletinden: Russiýa Federasiýasyndan 12, Belarus Respublikasyndan 4, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Özbegistan, Türkmenistan döwletlerinden 1 sany, jemi 21 sany ýokary okuw mekdepleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdy.