Turkmenportal logo
05.10.2022
2064920649
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-17 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygyny geçirdi. Ýaponiýanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen bolan duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Türkmen futbolçylarynyň ilkinji duşuşykda Filippinleri 2:0 hasabynda ýeňip, ikinjide Siriýa bilen 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnandygyny ýatladýarys.


Üçünji tapgyrda Iordaniýa Filippinleri 3;1 hasabynda ýeňdi.


Saýlama tapgyrynda “A” toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.


Bu toparçada ýygyndy toparymyzdan başga Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Filippinleriň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylary çykyş edýär.


Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyryna saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.