Turkmenportal logo
26.09.22
1916119161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar

Şu ýyl Türkiýede geçiriljek Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna Türkmenistandan näçe türgeniň gatnaşjakdygy belli boldy. Türkmenistan bu ýaryşa 30 türgen bilen wekilçilik eder.


Ýurduň wekilçilikli topary 42 adamdan ybarat. Türgenlerimizden başga-da 6 tälimçi we resmi wekilleriň 6-sy Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar.


Türkmenistanyň wekiliýeti ertir ― 27-nji sentýabrda ýola düşer. Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriljek Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary 29-njy sentýabrda başlanar we 2-nji oktýabra çenli dowam eder.