Turkmenportal logo
20.09.22
2856328563
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, söwda-ykdysady ulgam, strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Dostlukly ýurduň döwlet nebit ministri Pakistanyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruny hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.


Söhbetdeşler soňky ýyllarda täze depgine, anyk many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.