Turkmenportal logo
17.09.22
1234612346
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Merw» myhmançylykda «Aşgabatdan» üstün çykdy

«Merwiň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda myhmançylykda «Aşgabatdan» üstün çykdylar. Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda Mary şäherinden gelen toparyň haýryna tamamlandy.


Ýeňiji toparyň gollaryny 61-nji minutda Rustam Matrizaýew, 89-njy minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Söhbet Allanurow geçirdi. «Aşgabadyň» ýeke-täk pökgüsini 49-njy minutda Hydyrgeldi Atajanow öz adyna ýazdyrdy.


Bu ýeňişden soň «Merw» utugyny 19-a çykaryp, üçünji orundaky ýerini gorady. 10 duşuşykda 6 utuk toplap bilen «Aşgabat» bolsa ýaryş tertibiniň 7-nji basgançagyna çökdi.