Turkmenportal logo
17.09.2022
1898418984
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Karib deňziniň düýbünden näbelli jandar tapyldy
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň Umman we howa barlaglary milli edarasynyň (NOAA) alymlary Karib deňziniň düýbünde mawy reňkli geň jandary surata aldylar diýip, «Washington Times» gazeti ýazdy.


Tapyndynyň Santa-Krus adasynyň golaýynda, 427 metr töweregi çuňlukda üstünden baryldy.


Jandar güberçekler bilen örtülipdir, onuň kellesidir el-aýaklary ýok we görnüşini üýtgedip, çägä gömlüp bilýär.


Hünärmenler syrly jandaryň nämedigini diňe nusgalygy alnan ýa-da oňat hilli surata düşürilenden soňra anyklap bolar diýýärler.


Karib deňzi Atlantikanyň ähli etraplarynda iň baý biologik köpdürlilige eýedir, emma oňa adamyň täsiri netijesinde azalmak howpy abanýar.