Russiýanyň Merkezi banky «Russiýanyň halklarynyň legendalary we ertekileri» toplumyndan «Küýki-taýçanak» kümüş şaýylyk puly çykardy, onda Küýki-taýçanak hem-de elinde Symrug guşy saklap duran Iwanyň keşpleri şekillendirilipdir.
Symrug guş täsinligi bilen özüne çekýär, oňa ýagtylyk düşende, dürli reňk öwüşginleri bilen lowurdaýar. Şaýylygyň hümmeti üç rus rubluna deň. Merkezi bank bäş müň nusgalykda goýberiljek täze şaýy pul bilen ýurduň çäginde hasaplaşyp boljakdygyny habar berdi.
Häzirki wagtda «Russiýanyň halklarynyň legendalary we ertekileri» toplumyndan bäş sany şaýy pul dolanyşyga goýberildi, olar «Gurbaga-şa gyzy», «Symrug guş», «Awçy we ýylan» (udmurt ertekisi) we «Morozko» halk ertekileri esasyndadyr. Bu barada «MIR 24» ýazýar.