Turkmenportal logo
09.09.22
1390413904
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Kim Çen Yny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy – Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, bu ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.