Turkmenportal logo
06.09.22
1414914149
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pagta ýygymynda Türkmenistanda 1600 kombaýn işlediler

Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygymynda 1 müň 600 ýygyjy kombaýndan peýdalanylar.


Bu barada wise-premýer A.Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýn geçirilen iş maslahatynda habar berdi.


Şeýle hem möhüm oba hojalyk möwsüminde hasyly daşamaga awtoulaglaryň 7 müň 800-si hereket edip, pagtany 39 sany pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de 158 sany hasyl kabul ediş harmanhanalara daşarlar.