Turkmenportal logo
26.08.22
4068440684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan — Türkmenabat uçuşynyň ýolagçylary üçin ýatlatma paýlaşdy

Kazandan Türkmenabat şäherine uçýan ýolagçylar üçin Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi VK sosial ulgamynda ýörite ýatlama paýlaşdy.


Maglumatlara görä, bu uçuş aşakdaky resminamalary bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin mümkindir:


  1. COVID-19 garşy sanjym kepilnamasy (Islendik görnüşdäki sanjym bolýar we sanjymyň gutarýan senesi möhüm däl);
  2. Iki nusgada doldurylan saglyk formasy (ony şu ýerden göçürip alyň);
  3. COVID-19 üçin PCR synag netijeleri;
  4. Şahsy resminama.

Eger bu resminamalaryň haýsydyr biri ýok bolsa, ýolagça uçuşa rugsat berilmez.


Doly maglumaty Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginiň VK sosial ulgamyndan alyp bilersiňiz.