Turkmenportal logo
26.08.22
1535915359
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Internetde «Pinokkionyň» ikinji treýleri çykdy
Surat: gazeta.ru

«Walt Disney» studiýasy özüniň «YouTube» - ýaýlymynda režissýor Robert Zemekisiň täze surata düşüren «Pinokkio» atly erteki-filminiň ikinji treýlerini çap etdi.


Filmiň ýordumyna görä, neçjar Jepettonyň (Tom Henks) ýasan Pinokkio atly agaç oglanjygyna jadygöý zenan (Sintiýa Eriwo) hakyky oglanjyk bolmaga kömek etmegi wada berýär, munuň üçin Pinokkionyň dogruçyl we sahy bolmagy gerek. Ýazyjy Karlo Kollidiniň asyl ertekisindäki ýaly, eger ýalan sözlese, agaç oglanjygyň burny ösýär.


Öň «Pinokkio» atly täze filmiň birinji tanyşdyrylyş wideogörnüşleri internetde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.