Turkmenportal logo
18.08.22
1113411134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hojanyýazow «Akron» futbol toparyna goşuldy

Goragçy Jamaldin Hojanyýazow Russiýanyň «Akron» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň resmi saýty habar berýär.


Ol täze toparynda 5 belgili köýnekçede çykyş eder.


Baýramalyda doglan Hojanyýazow Özbegistanyň «Çilanzar» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Şeýle hem ol Tolýattide Ýuriý Konoplýow adyndaky akademiýada tälim aldy.


Hojanyýazow dürli ýyllarda Russiýanyň «Zenit», «Amkar», «Dinamo», «Baltika», Daniýanyň «Orhus» toparlarynda futbol oýnady.